PYRAGYNYŇ GADAM BASAN ÝERLERI

     Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde halkymyzyň taryhy geçmişiniň, şöhratly pederlerimiziň durmuş ýollarynyň nyşany bolan medeni we ylym-bilim ojaklarynyň köpsanlysy ýerleşýär. Olar diňe bir taryhymyzyň bir bölegi bolman, türkmen medeniýetiniň milli nusgasydyr. Şeýle taryhy ýadygärlikleriň biri-de Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris baba medresesidir. Oba ýaşulularynyň gürrüň bermeklerine görä, medresäniň daş-töwereginde hüjreleri, howlusy, belent diňleri, kömekçi jaýlary bolupdyr. Geçmiş taryhymyzyň bir bölegine öwrülen bu taryhy ojakda talyplara bilim berlip, sowat öwredilipdir. Onuň gurlan wagty 1640-njy ýyl diýlip çaklanylýar. Bu medresede dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem bilim alypdyr. Ilki bilen kakasy Döwletmämmet Azadydan edep-terbiýe alan, soňra oba mekdebinde Nyýaz Salyh mollanyň elinde okansoň dana şahyrymyz Idris baba medresesine okamaga gelipdir. Bu gadymy medrese gyzyl kerpiçden salnyp, onuň beýikligi 7-8 metr, içiniň giňligi 6-7 metr bolupdyr. Şonuň ýaly-da şu medresäniň golaýynda has irki döwürlerde degişli bolan gadymy tut agajy hem bar. Il arasynda bu tut agajyny medresäniň hatdaty Nyýazguly halypa ekipdir diýlip aýdylýar. Ýaşuly nesliň wekilleriniň gürrüňlerinden çen tutsak onda, 300 ýyl dagy ýaşan bu tut agajyny Magtymguly atamyz hem görüpdir.

     Häzirki wagtda Idris baba medresesine zyýarat etmäge gelýän watandaşlarymyzyň yzy üzülmeýär. Olar ýygy-ýygydan bu ýerde bolup, taryhy ojak bilen ýakyndan tanyş bolýarlar. Şonuň ýaly-da goňşy döwletleriň ýaşaýjylary hem Idris baba medresesiniň arzyly myhmanlary bolýarlar. Bu bolsa Magtymguly atamyzyň gadamy düşen keramatly topragynyň at-owazasynyň dünýä ýaýylýandygynyň nyşanydyr. Biz hem bagtyýar ýaşlarymyz bilen nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň gadam basan ýerlerine ýygy-ýygydan zyýarat edýäris. Guraýan döredijilik saparlarymyz, täsirli çykyşlara baý bolup ýaşlarda uly täsir galdyrýar. Çünki beýik söz ussadynyň gözi bilen gören mukaddesliklerini görüp, ol ýerlere zyýarat etmek biz üçin uly bagtdyr. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlara bu taryhy ojak barada, bu ýerde bilim alan watandaşlarymyz barada gyzykly maglumatlary gürrüň berýärler.

     Milli mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda biz ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR