DÖWLETLI IŞLERIŇ MYNASYP DOWAMY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde seredilen meselelerden, kabul edilen çözgütlerden hem görnüşi ýaly, ýurdumyzy ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan meseleleriň hatarynda galýar. Çünki hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol ählumumy forumda eden taryhy we çuň manyly çykyşlarynda hem nygtaýşy ýaly çalt depginler bilen ösýän, eziz Diýarymyzda ähli pudaklaryň işiniň öňe ilerlemegini gazanmakda, Oba milli maksatnamasy esasynda senagat kärhanalaryny we önümçilik maksatly desgalary gurmakda, ilatyň saglygyny goramakda, ylym we bilim ulgamlaryna dünýäniň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde netijeli işler mynasyp dowam etdiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda gurmagyň we döretmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygary bolup galjakdygyny aýratyn belläp geçdi. Şonuň ýaly-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralaryny, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işleriniň netijeli dowam etdiriljekdigi barada aýdanlary biziň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek, raýatlarymyzyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky aýdanlary hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelere eýe boljakdygyna ynamymyzy artdyrýar.

     Ynha, şanly wakalara beslenýän üstümizdäki ýylda Lebap welaýatymyzda hem orta mekdepleriň birnäçesiniň döwrebap binalary açylyp ulanylmaga berildi. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Ýaňy-ýakynda bolsa ýurdumyzyň gündogar etraplarynyň ikisinde – Saýat we Dänew etraplarynda durky täzelenen hassahanalar ulanylmaga berildi. Dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap saglyk enjamlary ornaşdyrylan bu hassahanalar ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli bir bölegidir. Ýene-de welaýatymyzda senagat kärhanalarynyň, önümçilik desgalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy bilen dürli bilimlerden baş alyp çykýan, başarjaň ýaşlarymyzyň köp sanlysynyň täze iş orunlaryna eýe bolýandyklaryny görüp buýsanmazlyk mümkin däl.

     Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeliligini ýaşlara düşündirmek we ony wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahatlary yzygiderli geçirýäris. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — raýat jemgyýetini gurmakda täze ädimdir» diýen at bilen geçirilýän duşuşyklara ýaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda ildeşlerimiz halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, janlarynyň sag bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.

 

 

 

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR