OWGANYSTANDA GURLAN TÄZE METJIT – TÜRKMENISTANYŇ YNSANPERWERLIK KÖMEGI

Düýn Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidiň açylmagy türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat topar metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygyna Owganystanyň «Ghazanfar Construсtion, Roada Work Rail Wai Construсion Material P.CO» gurluşyk kompaniýasy bilen metjidi gurmak hakyndaky şertnamany baglaşmak tabşyryldy.

Munuň özi Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň milletiň asylly ýörelgeleriniň esasyny düzýän we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynda öz beýanyny tapan parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik esaslaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň ýene bir tassyknamasyna öwrüldi.

Şeýlelikde, bu waka Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen ähmiýetli hem-de zerur başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de üýtgewsiz taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.