Şu günler baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň söwda senagat edarasynda açylan halkara sergi ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ulgamlarynyň we pudaklarynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän gözden geçirilişler bilen öz işini dowam edýär. Degişli meýilnama laýyklykda 6-njy dekabrda bu sergide ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamynyň güni geçirildi. Halkara derejesinde geçilýän bu forumyň şu güni hem baýramçylyk ruhuna we ýatda galyjy pursatlara, taryhy ähmiýetli wakalara beslendi. Serginiň bu gününe hem toplumyň ýolbaşçylary, mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň, syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, bilim terbiýeçilik edaralarynyň wekilleri, lukmanlar, türgenler, mugallymlar, hünärmenler we ýaşlar gatnaşdy.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk ekspozisiýasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylynda ýurdumyzyň ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş pudaklaryny özgertmekde ýetilen sepgitler hem-de amala aşyrylýan maksatnamalar degişli sergi bölümlerinde sanly meýdançanyň çäginde innowasiýanyň, baý mazmunly çykyşlaryň we tehniki mümkinçilikleriň üsti bilen beýan edildi.
Talyp ýaşlaryň we ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan okuw sapagy bolsa baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň kemala getirilýändigini görkezdi. Belli bolşy ýaly soňky döwürde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde şeýle häsiýetli sapaklar işjeň ýagdaýda guralýar. Sapaklaryň sanly ulgam esasynda geçirilmegi ýaşlara döwrebap bilim bermekde, döwletlilik ýörelgesinde terbiýelemekde ýokary ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan hem bilimli, ynsanperwer, hakyky watançy nesilleriň ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Onuň düzümlerine innowasiýanyň soňky gazananlary we milli pedagogikanyň soňky tejribeleri sazlaşykly ornaşdyrylýar. Şunuň netijesinde bolsa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda milli we halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerinde sanlylaşdyrylan ulgam esasynda geçilýän sapaklar ýokary hilliligi, baý mazmunlylygy we göwnejaý netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Şeýle-de milli ylmyň soňky gazananlaryna, türkmen alymlarynyň we ýaş ylmy işgärleriň gazanan üstünliklerine bagyşlanan görkezme serişdelerinde Bitaraplyk ýyllarynda ädilen ylmy ädimler, ylmy açyşlar we täzelikler, durmuşa ornaşdyrylan ylmy taslamalar uly buýsanç bilen gelen myhmanlaryň garamagyna hödürlendi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň taýýarlan ylmy işleriniň we oýlap tapyşlarynyň netijeleriniň hem beýan edilmegi örän buýsançlydyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň döremeginde we ylmyň ösdürilmeginde oňyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýmek bilen, bu ugra aýratyn ünsi gönükdirýär. Şu nukdaýnazardan hem ýokary bilim edaralarynda ýaş alymlar merkezleri hem hereket edip, onda türkmen talyplary ylmyň öňdebaryjy ugurlary bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýarlar. Ýeri gelende bellesek, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň barşynda ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan gollanylmagy we olaryň ylmy barlaglarynyň netijeliliginiň höweslendirilmegi örän buýsançlydyr. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramaçylykly alyp barýan işleriniň netijesinde ýaş alymlaryň ylmy işleriniň netijeliligi we olaryň sany barha artýar.
Şeýle-de sergide saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejeleri hem açylyp görkezilýär. Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda adam saglygy baş baýlyk hasaplanyp, raýatlaryň sagdyn durmuşda ömür sürmegi we keselleriň öňüni almak üçin ýokary derejeli lukmançylyk işleri alnyp barylýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň özünde gurlup ulanylmaga berlen saglygy goraýyş maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Lukmançylyk edaralarynda we saglygy goraýyş maksatly binalarda ýaş lukmanlaryň zähmet çekmegi we ilatyň saglygyny goramak babatdaky syýasata mynasyp goşant goşmaklary uly buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki biziň ýurdumyzda adam we onuň ömri hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem saglygyň we sagdynlygyň ýurdy bolan ata Watanymyzyň bu ugurdaky gazananlary, guwançly menzilleri sergi diwarlyklarynda, sanlylaşdyrylan serişdelerde baý mazmunda şöhlelendi.
Türkmen sportyny ösdürmek hem ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ýörelgeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Bitaraplyk ýyllarynda sport ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan gözden geçirilişde bular babatda uly buýsanç bilen beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň sport syýasatynyň we diplomatiýasynyň, esasan hem görkezýän şahsy göreldesiniň netijesinde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, halkara sport ýeňişleri sergide guralan ekspozisiýalarda giň gerimde ýerleşdirilipdir. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryndaky çykyşlary, gazanan üstünlikleri bu sergä gatnaşanlarda uly buýsanç duýgysyny döredip, geljek-de hem döwletimiziň bu ugurdaky abraýynyň artjakdygyna bolan ynamlary berkitdi.
Şeýle-de serginiň şu gününde geçirilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylynda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşlerine bagyşlanan halkara derejeli wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahatlar, işewür duşuşyklar, tegelek stollar we resminamalara gol çekmek dabaralary hem ýokary derejede guraldy.
Umuman aýdylanda ýaş nesliň ykbaly bilen bagly bolan bu giň möçberli gözden geçiriliş we halkara derejeli çäreler degişli düzümleriň geljekki ösüşlerini üpjün etmekde, bu düzümlerde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ugurlaryny kämilleşdirmekde ýokary ähmiýete eýedir.
Has köp suratlary «Galereýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!
Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy,
«Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.