MILLI MIRAS — NESILLERE GÖRELDE

      Halkymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, gaýtalanmajak gözellikleri özünde jemleýän el işleriniň iň kämil nusgalary, asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgelerimiziň iň ajaýyp däpleri milli mirasymyzyň esasy bölegini düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri zähmetsöýerlik, watançylyk, ahlaklylyk ýörelgelerine mynasyp ruhda terbiýelemekde şöhratly pederlerimizden dowam edip gelýän urp-adatlarymyzyň orny uludyr. Aýratyn hem jemgyýetimizde Watana, il-güne wepaly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda ýaşlaryň arasynda geçirilýän medeni çäreleriň, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyklarynyň orny uludyr. Şu maksat bilen biz beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde kümüş saçly enelerimiziň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda dürli mazmunly duşuşyklary yzygiderli geçirýäris.

     Şu günler welaýatymyzyň çägindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirýän duşuşyklarymyz hem ýaş nesillerimizi milli mirasymyza, el işlerimize hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge bagyşlanýar. Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlardan hem görnüşi ýaly, ene-mamalarymyzyň göreldesine eýerýän gelin-gyzlarymyzy el işsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Hut şonuň üçin hem türkmen zenanlarynyň gollaryndan dörän, keşdedir alajalar, nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslarymyz göreniň ünsüni özüne çekýär. Köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýan el işlerimiz diňe milli mirasymyzyň bir bölegini eýelemän, eýsem, zenan mertebesini, sarpasyny has hem belende galdyrýar. Çünki göreniň gözüni gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden, köňül mährinden we yhlasly zähmetinden kemala gelendir.

      Maslahatda kümüş saçly enelerimiz ýaşlarymyza degerli maslahatlaryny berip, el işleriniň kämil nusgalaryny dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtaýarlar. Şonuň ýaly-da geçirilýän şeýle duşuşyklarda Milli Liderimiziň zehininden syzylyp çykan eserleriniň, ol kitaplardaky gymmatly maglumatlaryň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti aýratyn nygtalýar. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Milli mirasymyzyň ýollaryny dowam etdirmekde, olary öwrenmekde we şöhratlandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 

Dinara KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR