SPORT — SAGDYNLYGA BADALGA

      Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan güneşli ülkämizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, ýaşlary sport we sagdynlyk hereketlerine işjeň çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegini, olaryň ussat türgenler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen biz hem ýaşlaryň arasynda dürli sport çäreleriniň, ýaryşlaryň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýakynda Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde guşakly göreş boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryş hem şolaryň biri boldy. Lebap welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda geçirilen bu ýaryş 2006-njy ýylda doglan we olardan kiçi ýaşly türgenleriň köpsanlysyny bir ýere jemledi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden toparlaryň ikisi, Saýat etrabyndan toparlaryň üçüsi, şeýle-de Kerki, Darganata etraplaryndan türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda 143 sany türgen gatnaşyp, olaryň 34 sanysy gyzlardyr.

      Ýaryşyň dowamynda türgenler degişli agram derejeleri boýunça göreşdiler we öz ussatlyklaryny subut etdiler. Toparlaýyn netijeler boýunça oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäheriniň pälwanlary iň gowy netijeleri görkezip welaýatyň birinjiligine mynasyp boldular. Saýat etrabynyň Garabekewül şäherçesiniň türgenleri hem tutluşyklara oňat taýýarlanandygyny subut etdiler. Şeýlelikde olar ýaryşyň ikinji ornuny eýelemegi başardylar. Saýat etrabynyň türgenleri hem gowy netijeleri görkezdiler we ýeňijileriň üçünji basgançagyna çykdylar. Gyzlaryň arasynda geçirilen tutluşyklarda hem Türkmenabat şäheriniň türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler we welaýatyň birinjiligini gazandylar. Saýat etrabynyň pälwan gyzlary ýaryşyň ikinji ornuna mynasyp boldular. Gyzlaryň arasyndaky duşuşyklaryň netijeleri boýunça Saýat etrabynyň Garabekewül şäherçesiniň türgenleri hem ýeňijileriň üçünji basgançagyna çykdylar.

      Ýaşlary sporta höweslendirmek, maksady bilen ýeňijiler Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

 

Gülşat ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR