BEÝIK DÖWRÜŇ BELENT MAKSATLARY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli, meseleleri çözmek, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi hem ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşyny bezän möhüm wakalaryň biri boldy. Bu mejlisiň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek we taryhy mejlisiň netijeleri boýunça alnyp barylýan işleri hem-de öňde durýan wezipeleri ilata ýetirmek maksady bilen biz hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda dabaraly maslahat geçirdik. «Beýik döwrüň belent maksatlary» diýen at bilen guralan bu maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hünärmenleri we işjeň agzalary, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatynyň dowamynda edilen çykyşlarda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmäge, dolandyryş düzümlerini, degişli kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy dogrysynda nygtaldy. Maslahatda çykyş eden bagtyýar ýaşlar ýaş nesliň durmuşynda beýik özgertmeleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza we şol beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

      Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen geljekde ýurdumyzda kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi gazanmak maksady bilen bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň ähmiýetli taryhy waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu ugurdaky işleriň ýene-de netijeli dowam etdiriljekdigi aýdyldy. Biz mundan beýläk-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işlerden ruhlanyp, ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen degişli işleri yzygiderli alyp bararys.

      Türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýaşlara nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz aladalary üçin köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Umyda MERDANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR