EKOLOGIÝA SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY

      Şu günler güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly gojaman Jeýhuny etekläp oturan gadymy Lebap welaýatynyň etraplarynda hem asylly zähmet gaýnap joşýar. Oba-kentlerimizde edermen, zähmetsöýer babadaýhanlarymyzdyr kärendeçilerimiziň maňlaý derini siňdirip ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Ýylyň-ýylyna gowaçadyr bugdaýdan, onuň ýany bilen bolsa gök, miwe we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmek ýaly asylly işlerden, gazanylýan zähmet üstünliklerinden etrabymyzyň ýaşlary hem çetde duranoklar. Şonuň bilen birlikde bagtyýar türkmen ýaşlary Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň göreldesine we ýörelgelerine eýerip ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, daşky gurşawyň gözelligini goramakda alnyp barylýan işlere hem işjeň gatnaşýarlar.

      Ýaňy-ýakynda ýaşlaryň daşky gurşawa, tebigatymyza, ekologiýa medeniýetine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginde hem ýowar geçirildi. Adamzat durmuşyny gözelleşdirmekde, şeýle hem jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmekde ähmiýetli bolan bu çärä oba ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, mekdep okuwçylarynyň köpsanlysy uly höwes bilen we ýokary işjeňlik ýagdaýynda gatnaşdylar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde döwlet derejesinde geçirilýän çärelerden ugur alnyp geçirilen bu ähmiýetli çäräniň dowamynda miweli we saýaly baglaryň ýüzlerçe düýbi oturdylyp, olara ideg edildi. Şonuň ýaly-da ösüp boý alan agaçlara degişli arassaçylyk işleri hem geçirildi.

      El-ele berip, agzybirlikde Watanymyzyň gülläp ösmegine, bagy-bossanlyga öwrülmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin uly borç we belent jogapkärçilikdir. Şeýle möhüm ähmiýetli işlere, döwletli başlangyçlara goşulyşmak biz ýaşlaryň ruhumyza ruh goşup, geljekde belent maksatlara iterýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda degişli möwsümlerde ählihalk ýowarlaryň we ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi bolsa mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, ony geljekki nesillerimize hem öz gadymylygy we baýlygy bilen ýetirmek üçin uly ýardam edýär. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant hasaplanýan ählihalk bag ekmek dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy, biz ýaşlara ajaýyp görelde mekdebi bolup durýar.

      Bize bagtyýar döwri peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR