HASYL TOÝY — BOLÇULYGYŇ, BEREKEDIŇ TOÝY

     Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, baýramçylyk senelerine beslenýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir türkmen halky her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna uly taýýarlyk görýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem giň gerime eýe bolýar. Çünki bu sene ene topraga yhlas siňdirip, aýratyn aladalanýan oba zähmetkeşlerimiziň, daýhanlarymyzdyr kärendeçilerimiziň arly ýyl çeken zähmetiniň netijelerine, miwelerine guwanmak mümkinçiligini döredýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alyp, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän gök-bakja önümlerini, miweleri diňe bir ýurdumyzyň ak bazarlaryny bezemän, eýsem, daşary ýurtlara hem yzygiderli ugradylýar. Esasan hem güneşli ülkämizde mes toprakly ýerlerimizden önýän gök-bakja ekinlerine isleg bildirýänleriň sany soňky ýyllarda has hem artyp ugrady. Şeýle hem edermen babadaýhanlarymyzyň asylly zähmeti bilen bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz, bereketli desterhanlarymyz ýylyň islendik paslynda hem ter önümlerden doly.

     Hasyl toýy mynasybetli biz hem muzeýimizde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde maslahat guradyk. «Hasyl toýy — bolçulygyň, berekediň toýy» diýen at bilen geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar edilip, bu baýramçylygyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň beýgelýändigini alamatlandyrýan özboluşly senedigi nygtaldy. Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, lebaply kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine goşýan goşantlary dogrusynda hem buýsançly çykyşlar diňlenildi. Ussat kärendeçiler döwlete gowaçadyr bugdaý tabşyrmak boýunça bellenilen borçnamalaryny ýylyň-ýylyna üstünlikli berjaý etmekde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine öz hoşallyklaryny bildirdiler. Ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlarynda daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almaklary, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

     Biz hem zähmet çekýän ojagymyz bolan Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli ýörite sergi döretdik. Sergide gojaman Jeýhunyň suwundan ganýan mes toprakly ýerlerimizde öndürilýän gök, bakja ekinlerini, miweleri ýerleşdirdik. Welaýatymyzyň suratkeşleriniň Hasyl toýuny suratlandyryp çeken surat eserleri sergä aýratyn öwüşgin çaýýar. Hasyl toýuny bagyşlap geçirilen maslahata gatnaşyjylar soňra sergini synladylar.

 

Tawus GURBANOWA,

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni

öwreniş muzeýiniň ekskursawody,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR