DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

      Dünýä ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli parahatçylygy dabaralandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendir. Şöhratly pederlerimiziň asyrlar aşyp gelen bu asylly ýörelgeleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hem mynasyp orun almak bilen, ýurdumyzyň sebit we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygynyň ösmegine, geriminiň giňemegine oňyn täsir edýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler birini-biriniň üstüni ýetirýär. Biz bu hakykaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň mysalynda hem anyk görýäris.

      Buýsançly şygara eýe bolan ýylymyzda biziň her birimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlara amala aşyran resmi saparlarynyň we halkara derejesinde geçirilen maslahatlaryň mysalynda dünýä jemgyýetçiliginde türkmeniň sesiniň elmydama mynasyp orny eýeleýändigini gördük. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegi mynasybetli ýaňy-ýakynda Köýtendag etrabynyň 60-njy orta mekdebinde dabaraly maslahat geçirdik. «Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýdyň ýolunda» diýen at bilen geçirilen bu maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet we saglyk işgärleri we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanma döretmegi, goldaw tapmagy bilen berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda Türkmen Bitaraplygynyň yzygiderli ösüşleri nazarlaýandygyny, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä halklarynyň giň goldawyna eýe bolýandygyny, dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň berkemegine, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine Garaşsyz Türkmenistanyň mynasyp goşant goşýandygy nygtaldy.

      Çykyş edenler döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli aladalanýan, Watanymyzy ösüşiň, özgerişiň mekanyna, dostluk daragtynyň boý alýan, gol ýaýradýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Tursuntaş IRGAŞOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR