ÝAŞLAR — WATANYŇ GÜÝJI-KUWWATY

     Üstümizdäki ýyl turuwbaşdan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň özgeren, mümkinçilikleriniň has hem giňän ýyllaryň biri hökmünde Watanymyzyň taryhynda möhüm yz galdyrar. Çünki adyndan belli bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir gününde ýaş türkmenistanlylaryň durmuşyny gowulyga tarap özgertmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolýarys. Ýurdumyzda ýaşlaryň nurana şu gününi we röwşen ertirlerini berkarar etmäge gönükdirilen işler dünýä derejesinde hem giň seslenmä eýe bolýar. Bu bu hakykaty şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň mysalynda hem görýäris. Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesiniň güýjüni, yhlasyny, gaýratyny bir ýere jemleýän Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň iň abraýly düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki bu gün Watanymyzyň baýdak göterijileri bolan bagtyýar türkmen ýaşlary barada edilýän aladalar dünýä jemgyýetçiliginiň ýöne bir üns merkezinde bolman, eýsem, halklaryň we milletler bileleşiginiň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bu bolsa bagtyýar türkmen ýaşlaryna giň gerimli özgertmeleri bagyş edýär. Şonuň ýaly beýik işler bizi bar güýç-gaýratymyzy Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ynha, biz bagtyýar ýaşlar ýene-de bir senäni uly şatlyk bilen geçirýäris. Ýagny, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni ýurdumyzda uludan baýram edilýär. Bu ähli türkmenistanly üçin hem uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige, baýramçylyk ruhuna eýe bolýan seneleriň biridir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli biz hem welaýatymyzyň edara-guramalarynda, okuw jaýlarynda dürli mazmunly baýramçylyk çärelerini, maslahatlary guraýarys. «Kämil ýaşlar — Watanyň güýji-kuwwaty» diýen at bilen geçirýän maslahatlarymyza watandaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli geçirýän baýramçylyk çärelerimiz hem uly ruhubelentlige eýe bolýar. Maslahatlarda edilýän çykyşlarda, baýramçylyk dabaralarynda ýerine ýetirilýän aýdym-sazlarda abadan ýurdumyzyň, bagtyýar döwrümiziň we ajaýyp zamanamyzyň waspy belentden ýaňlanýar.

       Türkmen ýaşlaryna şeýle bagtyýar döwri, eşretli zamanany bagyş eden, bizi nurana günleriň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Akmyrat NIKOLAÝEW,

TMÝG-nyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR