Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, eziz Watanymyzyň türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň bank edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň göçme Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tapgyry geçirildi. Her ýyl ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen hem-de bank ulgamynyň wekilleri tarapyndan uly höwes we işjeňlik bilen gatnaşylýan bu bäsleşige Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şäher şahamçasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Toparlar öz aralarynda aýlaw görnüşinde bäsleşdiler. Bu bolsa haýsy ýygyndy toparyň has ökdedigini ýüze çykarmaga ýakyndan itergi berdi. Çalasyn bank pudagynyň ýaş wekilleriniň ýaryşy Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda geçirildi. Oýunlar biri-birinden gyzykly we dartgynly ýagdaýda geçdi.
Netije-de, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy topary hormatly 1-nji orna hem-de göçme Kuboga gaýtadan mynasyp bolmak bilen, reýtingdäki öz ornuny saklap galmagy başardy. 2-nji, 3-nji orunlary «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şäher şahamçasynyň ýygyndy toparlary eýelediler.
1 – 2 – 3-nji orunlara mynasyp bolan ýygyndy toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Oýunlaryň çekeleşikli geçmegi bank pudagynda zähmet çekýän ýaşlaryň diňe bir öz ugry boýunça ökde hünärmenler bolman, eýsem sportda hem ezber türgenlerdigini ýüze çykardy. Ýaryşa gatnaşanlar ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.