Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň 2-nji sport mekdebinde «Sagdyn nesiller – ata Watanymyzyň gelejegidir» atly sport çäresini geçirdi. Ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerine çekmek, etrabyň ýetginjekleriniň arasynda sportuň karate görnüşi boýunça güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen sport ýaryşyna 2-nji sport mekdebiň sportuň adaty karate görnüşi boýunça tälim berýän tälimçisi Babahan Dädebaýewden tälim alýan ýaş türgenler gatnaşdylar. Sport çäresiniň dowamynda ýaş türgenler agram derejelerine laýyklykda öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan sport çykyşlarynda ýaş türgenler başa-baş göreşdiler hem-de karate görnüşindäki görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary hem-de güýç synanyşyklary olaryň öňde durýan etrap, welaýat, döwlet we halkara derejelerinde geçiriljek ýaryşlara görülýän taýýarlyklaryň ýokary derejededigini ýene-de bir ýola subut etdi. Tälimçi Babahan Dädebaýew geçirilýän her bir ýaryşyň tälim alýan ýaş türgenleriň kämilleşmegine, sporta bolan höwesiniň artmagyna uly ýardamynyň bardygyny buýsanç bilen aýtdy. Sport çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzda sporty ösdürmeklige aýratyn üns berýän, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna, saglygyny berkitmegine giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Wepa ESENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.