ÝAŞLAR – ATA WATANYMYZY ÖSDÜRMEKDE ULY GÜÝÇDÜR

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde «Ýaşlar – ata Watanymyzy ösdürmekde uly güýçdür» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirdi. Ýaşlaryň medeni-syýasy çärelere, köpçülik işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýurdumyzda gazanylýan ösüşlerde bilimli, kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleriň goşýan goşantlaryny wagyz etmek maksady bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň jogapkär işgärleri, etrabyň bilim, sport, medeniýet, saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çärä gatnaşýan ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ähli ulgamlarda gazanylýan zähmet ýeňişlerine türkmen ýaşlarynyň goşýan goşantlary, halkara derejesinde türkmen ýaşlarynyň sportda, bilimde gazanýan üstünlikleri, ýaş nesilleriň sagdyn ösmekleri, okamaklary, bilim, hünär almaklary, zähmet çekmekleri, dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ata Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin ýadawsyz aladalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

 

 

Şemşat SÄHETGULYÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

KARATE

Meňzeş habarlar