Türkmenistanyň futbol çempionatynda şu ýyl 100 göterimlik netije görkezip gelýän «Arkadag» futbol topary möwsümiň rekordlaryny goýmagyny dowam etdirýär.
20-nji tapgyrda paýtagtda «Şagadamy» 3:2 hasabynda ýeňen topar möwsümdäki gollarynyň sanyny 60-a tegeläp, bu sepgide ýetip bilen ilkinji wekil boldy. Begençmuhammet Kulyýewiň şägirtleri gollar boýunça iň ýakiyn bäsdeşi «Altyn asyrdan» 20 gol tapawudy bilen öňde barýar.
Şeýlelikde, «Arkadag» futbol topary möwsümde geçirilen 238 goluň dörtden birini öz adyna ýazdyrdy. Toparyň 17 duşuşykda derwezesinde bary-ýogy 14 gol görendigini ýatladýarys.
Şeýle hem 20-nji tapgyrda utugyny 51-e çykaran «Arkadag» futbol topary möwsümde 50 utuk gazanyp bilen ilkinji topar boldy. Indi bu sepgide iň ýakyn wekil «Altyn asyrdyr». Ýöne Ýazguly Hojageldiýewe we onuň şägirtlerine 50 utuga ýetmek üçin ýene-de azyndan dört ýeňiş gerek.
turkmenportal.com