Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we etrap häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesiniň Medeniýet öýünde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, maslahat duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň watansöýüji, ruhubelent, päk ahlakly, däp-dessurlarymyza, mirasymyza aýawly garamak ruhunda terbiýelenýändigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmaga sowatly, tutanýerli, kämil nesilleri ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar külli türkmen halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gülruh NAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.