MAKSIM ŞASKIH AFK-NYŇ ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ «AHAL» ― «PAHTAKOR» DUŞUŞYGYNDAN ÖŇ PIKIRLERINI PAÝLAŞDY

      AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynda Aşgabat şäherinde ýerli «Ahal» bilen geçiriljek duşuşykdan öň Özbegistanyň «Pahtakorynyň» baş tälimçisi Maksim Şaskih köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi.

      Tälimçi çykyşyna: «Ertirki duşuşyga täsin duýgular bilen barýarys. Taýýarlanmak üçin wagtymyz az boldy, ýöne ýokary derejeli futbol görkezmäge we janköýerlerimizi begendirmäge çalşarys» diýen sözler bilen başlady.

      ― «Pahtakoryň» ýaryşa şowsuz başlamagyny näme bilen baglanyşdyrýarsyňyz?

      ― Üstünlik şowlulyk bilen hem bagly. Biz öz meýdanymyzda oýnan ilkinji duşuşygymyzda-da, Saud Arabystanynda geçirilen duşuşykda-da garşydaşlarymyz üçin howply pursatlary kän döretdik. Ýöne bize şowlulyk ýetmedi, garşydaşlarymyz bolsa ähli döreden mümkinçiliklerinden netijeli peýdalandylar.

      «Ahal» bilen boljak duşuşyga bolsa jogapkärçilikli çemeleşýäris. «Ahal» gowy oýny orta goýup bilýän topar. Olar öz meýdanynda nähili hereket etmelidigini bilýärler. Şonuň üçin hem garşydaş bize kynçylyk döreder diýip pikir edýäris.

      ― Toparçadan çykmak mümkinçiligiňize nähili baha berýärsiňiz?

      ― Ýaryş ekwatordan geçdi. Indi ikinji ýaryma başlaýarys. Her bir toparyň öňünde ýene-de üç duşuşyk bar. Mundan soň her kimiň diňe ýeňiş üçin meýdana çykjakdygyna ynanýaryn. Ertir bizem, «Ahalam» diňe ýeňiş üçin meýdana çykarys.

      Şaskih Aşgabat şäheri baradaky pikirlerini hem paýlaşdy:

      ― Aşgabadyň ululygyna we gözelligine haýran galdym. Şäher has hem gijesine gowy täsir galdyrýar. Myhmanhanadan juda owadan görnüş görünýär. Juda gözel şäher.

      Diýor Halmotow: «Ahal» gowy topar, ýöne biz ýeňiş gazanmak üçin geldik

      ― «Ahalyň» ilkinji duşuşykdaky oýnuny haladyňyzmy?

      ― «Ahal» gowy topar, ýöne bizem elimizden gelenini etdik. Tälimçimiziň aýdanlaryny birme-bir ýerine ýetirip, gowy netije gazandyk.

      ― Toparyň duşuşyga taýýarlygy näderejede?

      ― Janymyz sag, başymyz bitin. Ýeňiş üçin geldik, başga ýol ýok. 3 utuk biziňki bolar diýip umyt edýärin.

      «Ahal» ― «Pahtakor» duşuşygynyň 7-nji noýabrda geçiriljekdigini ýatladýarys. «Aşgabat» stadionynda boljak duşuşyk agşam sagat 19-da başlanar.

 

turkmenportal.com