ÖŇDEBARYJY ÝAŞLAR – DÖWLETIŇ DAÝANJY

      Öňňin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýylda yglan edilýän ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna gowşurylýan Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mynasyp bolan Arkadag şäherinde zähmet çekýän, okap bilim alýan bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ony  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi gurady.

      Söhbetdeşligiň barşyndaky çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlyga beslenen Watanymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, bu ugurda ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hyzmatlary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

      Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guramanyň işi has-da giň gerime eýe boldy. Muny bu şanly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agzalyga goşulmagy hem aýdyň görkezýär.

      «Ýaşlaryň şäheri» adyna eýe bolan Arkadag şäherinde hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hereket edip, işe başlanyna uzak wagt geçmänkä şäheriň çäginde hereket edýän orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň agramly bölegini agzalyga kabul etdi. Meýilnamalaýyn işleri ýola goýmak bilen, häzirki wagtda guramanyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, watansöýüji, dörediji we gurujy ýaşlary terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Munuň özi oňyn netijesini berip, häzirki wagtda Watanymyza wepaly, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesiller kemala gelýär. Muny  ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna gowşurylýan Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna Arkadag şäherinden 15 sany ýaşlaryň eýe bolmagy-da tassyklaýar.

      Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň başlangyçlaryna, ukyp-başarnyklaryna, döredijilik gözleglerine, şol sanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

      Nesip bolsa geljekde hem Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Biz ýaş­la­ra eziz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar hök­mün­de ga­ra­ýa­rys, olar jem­gy­ýe­tiň iň iş­jeň bö­le­gi­dir» di­ýip bildirýän beýik ynamyny ödäp, halal zähmet çekjek nesilleri terbiýelemek işlerini has-da giň gerimde alyp bararys.

      Biz ýaş­la­ryň  hak ho­wan­dar­la­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il äh­mi­ýet­li, ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY