ÝAŞLAR – BEÝIK YNAMYŇ EÝELERI

     Şu gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

   Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna gowşurylýan Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna mynasyp bolan watançy esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň hem-de bu mekdebiň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Oguloraz Durdyýewanyň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşygy Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa alyp bardy.

      Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, bu ugurda ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerine ýetirýän çäreleri dogrusynda, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýola goýlan işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

       Şeýle hem buýsançly çykyşlaryň her birinde ýaşlaryň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il ähmiýetli, ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi!

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR