DÖWLETIŇ GELJEGI BAGTYÝAR ÝAŞLAR

      Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni hem-de «Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň geçirilmegi mynasybetli, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa mekdebiň ýokary synp okuwçylary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler eziz Diýarymyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsançly hem-de giňişleýin belläp geçdiler şeýle hem, ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar