ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY, SYLAGLARDAN SERPAÝLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR!

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarly, sylaglardan serpaýly bagtyýar ýaşlar!» atly maslahat geçirdi. Bu maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününi hem-de Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerli wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler ösüşlere beslenen döwrümizde Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeler, jemgyýetimizde ýaşlaryň orny, ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, şeýle-de, bu halkara forumyň geçirilmeginiň sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdäki möhüm ähmiýete eýedigi, forumyň esasy maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendigi dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler.

 

Mämmetjan BABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar