SAGDYN MAŞGALA – SAGDYN JEMGYÝET

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň zenanlar guramasy bilen bilelikde, etrap medeniýet öýünde «Sagdyn maşgala — sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

     Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda täze taryhy döwrümize mahsus beýik işleriň alnyp barylýandygy, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigi dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şeýle ösýän döwürde döwletiň mizemez sütünleriniň aýawly saklanmagy, halkyň asuda durmuşynyň üpjün edilmegi, ýaş nesilleriň kämil ruhda terbiýelenmegi esasy şert bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, halkymyzyň döwürleriň dowamynda mizemez häsiýet berip, kämilleşdirip gelen milli hem gymmatly ýörelgelerinden ugur alyp, ösen durmuş gurşawyny emele getirmek, sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň ýurdunda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, aňyrdan gelýän halallyk ýörelgelerimize eýermek, medeniýetli ýaşamagy endik edinmek, ahlak kadalaryny pugta berjaý etmek ýaly häsiýetlerimiziň mizemezligini gazanmak baş maksat bolup durýar. Agzybir maşgaladan düzülen jemgyýet sagdyn jemgyýetdir. Sagdyn jemgyýet bolsa, döwletiň gülläp ösmeginiň iň esasy şertidir.

     Täsirlere beslenen maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň baky bagtyýarlygy, döwlet berkararlygymyzyň pugtalandyrylmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar