Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 9 – 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça yglan eden “Türkmenistan – dost-doganlyk mekany” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň bu tapgyrynyň ýeňijileri onuň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýär.
Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.