«MERDANA NESIL – 2023» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ DAŞOGUZ ŞÄHER TAPGYRY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar zaman” medeniýet öýünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden “Merdana nesil – 2023” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher tapgyryny geçirdi. Bäsleşige gatnaşan okuwçy oglanlar türkmen halkyna mynasyp bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlary çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek şertleri boýunça bäsleşdiler. Netije-de, bu tapgyrda 1-nji orna 12-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Halmyrat Dowulow, 2-nji orna 7-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Azat Rejepow dagylar mynasyp bolup, olar şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki Hormat hatlary hem-de bu Geňeşiň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar