Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4 – 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda düzme ýazmak, surat çekmek hem-de maket ýasamak boýunça yglan eden “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” atly döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryna onuň 2-nji – etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Döredijilik bäsleşiginiň bu tapgyrynyň ýeňijileri onuň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Aýnur ÝUSUPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.