SAGLYGYŇ GADRYNY BILGIL, HASSA BOLMAZDAN BURUN

     Berkarar Watanymyzda sagdyn nesilleriň kemala gelmegi, ýaşlaryň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda hemmetaraplaýyn alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyny işgärleriniň hem öňlerinde möhüm wezipeleri goýdy. Şu maksat bilen biz hem ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup duşuşyklary, wagyz-nesihat işlerini we sport çärelerini yzygiderli geçirýäris.

     Ýakynda Dänew etrabyndaky 3-nji sport mekdebinde ýaş nesliň wekilleri bilen «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» ady bilen geçiren wagyz-nesihat duşuşygymyz hem ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny, olaryň bidüzgünçiliklerden we ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmaklyga gönükdirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, ýaş türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan ugur alnyp, geçirilen bu ähmiýetli çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleriniň wajyplygy dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Ussat tälimçiler öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi we ussat türgenleriň kemala gelmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, ýurdumyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan ynsan saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan köpugurly işler dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Şonuň ýaly-da sportuň sagdynlyga tarap ilkinji ýoldugy barada giňişleýin gürrüň edildi.

     Soňra etrabyň türgenleriniň arasynda küşt boýunça ýaryşlar guraldy. çekeleşikli we gyzykly geçen duşuşyklar ýaş küştçileriň ussatlyk derejeleriniň kämilleşýändigine göz ýetirmäge ýene bir mümkinçilik boldy. Ýaryşlaryň dowamynda Dänew etrabynyň 2-nji we 6-njy sport mekdebiniň türgenleriniň netijelerine ýokary baha berildi. Duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesil barada aladalaryny gaýgyrmaýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Batyr Kurbanow,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR