ZENAN MERTEBESI MUKADDESDIR

     Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher medeniýet merkezinde «Zenan mertebesi mukaddesdir» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Oňa kümüş saçly eneler, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Magdanly şäher medeniýet merkeziniň we hassahanasynyň, bilim bölüminiň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda şöhratly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine, milliligimize, edim-gylymlarymyza, zenan edebine we mertebesine hem-de maşgala gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna ýugrulan täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Çykyş eden zenanlarymyz edep-terbiýe, adamyň ahlak häsiýetleri, ula-kiçä hormat goýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak, gyz maşgalanyň jemgyýetde tutýan orny, öýde we köpçülik ýerlerinde özüňi edepli medeniýetli alyp barmak, jemgyýetçilik kadalaryna eýermek dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem pederlerimiziň durmuş tejribesine salgylanyp beren maslahatlary we eden wesýetleri ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda ýaşlary halal zähmet esasynda terbiýelemegiň, olary el işlerine ugrukdyrmagyň möhümdigine hem aýratyn üns çekildi. Nusgawy edebiýatymyzdan, ýazyjy şahyrlarymyzyň eserlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan okalan bölekler bu çäräniň terbiýeçilik ähmiýetini has hem artdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar ýaşlary döwrümize we döwletimize mynasyp nesiller edip terbiýelemekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Tursuntaş IRGAŞOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR