MERDANA NESILLER BÄSLEŞDILER

       Ýaş nesliň döredijilik başlangyçlaryny goldamak, olaryň ukyplaryny we zehinlerini açmak maksady bilen ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylyň-ýylyna yglan edilýän «Merdana nesil» bäsleşigi hem şolaryň biridir. Her ýyl hemişelik Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5 synplarynda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşýarlar. Bu bäsleşik ýaşlaryň kämilleşmeklerini, olaryň ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak zehinli şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmaga giň mümkinçilik açýar. Ýakynda Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň binýadynda «Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar gatnaşdylar.

       Bäsleşige gatnaşyjylar berlen şertler boýunça öz başarnyklary boýunça mähriban Watanymyzy, bagtyýar çagalygy aýdym-sazly çykyşlarynyň üsti bilen wasp etdiler. Şonuň ýaly-da başarjaň ýaşlar mähriban Watanymyza söýgüsini, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine sarpasyny çeper döredijilikli beýan etmekde, şorta sözleri ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsdeşler emin agzalary tarapyndan başarjaňlyklary we ussatlyklary boýunça bahalandyrylyp, ýeňijiler kesgitlenildi.

       Bäsleşigiň netijeleri boýunça Çärjew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýusup Azadow birinji, Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Seýit Babajanow bolsa bäsleşigiň ikinji baýrakly ornuna mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdepden Yhlas Begliýew we Saýat etrabyndaky 42-nji orta mekdepden Wepa Berdimyradow we Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdepden Serdar Amangeldiýew dagylar bolsa bäsleşigiň üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldular. Ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

       Ýaşlary döredijilige ruhlandyrmak, olaryň bilimli, kämil başarnykly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edýäris.

 

Azat AMANOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR