WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR

    Şanly wakalar we beýik üstünlikler bilen jemlenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir türkmen halky ýene-de bir baýramçylyga — Täze ýyly garşy almaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl – hemmeleriň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan we ruhubelentlik bilen garşylaýan baýramlarynyň biridir. Bu sene mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi, Täze ýyl arçasynyň bezelmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny ýokarlandyrýar. Baýramçylygyň ýokary guramaçylykly geçirilmeginde tertip-düzgüniň, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi möhümdir. Baýramçylyk çärelerini howpsuz we ýatdagalyjy wakalar bilen geçirmek maksady bilen ýurdumyzda dürli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

    Ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bu ugurdaky işlerden çetde durmaýarlar. Biz hem şu günler Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ýaş nesilleriň arasynda wagyz-ündew işlerini alyp barýarys. Esasan hem, welaýat merkezimizdäki umumybilim berýän orta mekdeplerde, tehniki we hünär okuw mekdeplerinde bolup, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýäris. Bu işlere degişli gulluklaryň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ynsan saglygyna howp salýan ýaramaz täsirleriň we hukuk bozulmalaryň öňüni almak, zyýanly endikleriň jemgyýetimizde orun almazlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda düşündiriş işlerini geçirýärler we ýaşlara degerli maslahatlaryny berýärler. Şeýle ähmiýetli çärelerde partlaýjy maddalary ulanmagyň, spirtli içgileri içmegiň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusyndaky çykyşlara giň orun berilýär.

    Goý, ýurdumyzyň senenamasynda orun alýan baýramçylyklary milli we döwrebap ruhda bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR