SAGDYN JEMGYÝET — GELJEGIMIZIŇ GÖZBAŞY

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly gör, nähili ajaýyp özgertmeleri bagyşlady. Garaşsyz hem Baky Bitarap Watanymyzda amala aşyrylan beýik özgertmeler, şanly ösüşler, belent sepgitler, gazanylan ýeňişler güneşli Diýarymyzyň ýaşlaryna bagtyýarlyk eçildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, sagdyn nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler we gazanylýan üstünlikler hem günsaýyn artýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň işgärleri tarapyndan hem bu babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýaşlaryň dürli nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen dürli wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden düşündirmek boýunça iş meýilnamamyza laýyklykda ýaşlaryň boş wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirmekleri üçin köpçülikleýin medeni we sport çärelerini yzygiderli geçirýäris. Bu işlere harby we hukuk goraýjy Ýaşlaryň arasynda geçirilýän duşuşyklarda ýaşulular, mährem enelerimiz ýaşlara öz maslahatlaryny berýärler.

        Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn nesil üçin edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, ýaş nesli sagdyn ruhly, berk bedenli, ata Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere mundan beýläk hem işjeň gatnaşarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Hojambaz etrap Geñeşiniñ

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR