TÄZE ÝYLYM RYSGAL-DÖWLET GETIR SEN, ÝEŇIŞLERE, TOÝ-BAÝRAMA ÝETIR SEN!

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni bagtyýarlyga, şatlyga, toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýän, hatarly kerweni şatlykdan, ýüki rowaçlykdan, sowgady şanly wakalardan doly eziz ýurdumyzda ýetip gelen Täze ýyly dabaraly garşy alynýar. Gojaman Jeýhuny etekläp oturan Lebabyň welaýat, oba, şäher merkezleri hem bu nurana baýramçylyk mynasybetli toý lybasyna bürendi. Şanly wakalara beslenen 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylymyz tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana hem agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2023-nji ýyl bilen hoşlaşyp, jan Watanymyz Türkmenistany ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2024-nji ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys.

       Tamamlanyp barýan 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz hem Berkarar Watanymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň, uly ösüşleriň, şanly wakalaryň, ajaýyp hem-de göwünlere ganat bagladýan özgerişlikleriň üstünlikli amala aşyrylan ýyllarynyň biri boldy. Bu ýylyň şanly wakalaryň her biri ýurdumyzyň şöhratly taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda agzybirlikden kemal tapan halkymyz täze 2024-nji ýyla ýagşy arzuwlar bilen gadam basýar. Bu nurana baýramçylyk mynasybetli biz hem ýakynda Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň hem-de Çärjew etrap häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Täze ýylym, rysgal-döwlet getir sen, ýeňişlere, toý-baýrama ýetir sen!» diýen at bilen şowhunly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa etrabymyzyň dürli edara-kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýän bagtyýar ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirilip, bagtyýar zamanamyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy. Ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlarynda halkymyzy baky bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nadira RAHMEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR