KITAP – PAÝHAS ÇESMESI

      Türkmen halky adamzat taryhy döräli bäri kitaba aýratyn gadyr goýup gelýär. Çünki danalarymyz kitaby Jemşidiň jamyna deňäpdirler. Dogrudan hem, kitap bize durmuşyň ähli gapylaryny açýan içi täsin maglumatlardan doly bilim hazynasydyr. Parasatly halkymyz hem ony akyl-paýhas ummany, ruhy çyrag hasaplaýar. Kitap — biziň mugallymymyz, terbiýeçimiz, ýolbeledimiz hem-de paýhas çeşmämizdir. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk hasaplanýan kitaplar ylym-bilim we paýhas açarydyr.

      Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, hat-da iň çetki obalarynda hem ähli amatlyklar bilen üpjün edilen kitaphanalar halkymyza hyzmat edýär. Bagtyýar ýaşlar ähli amatlyklar bilen üpjün edilen, döwrüň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan ajaýyp kitaphanalarda türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň dürdäneleri, häzirki zaman ýazyjylarynyň naýbaşy eserleri, ylym-bilim ugruna degişli gymmatly işler bilen ýakyndan tanyşyp bilýärler.

      Biz hem ýaşlary kitaphanalara çekmek, kitap okamaklyga söýgini artdyrmak maksady bilen etrabymyzda yzygiderli işleri geçirýäris. Etrabyň merkezi kitaphanasynda, oba kitaphanalarynda, orta mekdeplerde ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris.

      Ýakynda Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynda okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligi, golýazmalary we kitaplary barada täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de sarpasy belent şahyrymyzyň şygyrlary okaldy.

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

TMÝG-nyň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR