ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Berkarar döwleti arzuwlan akyldar» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahat üstümizdäki ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygara eýe bolmagyna bagyşlandy. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar we dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

      Maslahatyň dowamynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen döwlet derejesinde geçirilýän çäreleriň ähmiýeti dogrusynda, akyldaryň ahlaklylyk, watansöýüjilik, il-güne wepalylyk mowzugyndaky şygyrlarynyň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olaryň ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerinde ähmiýeti dogrusynda aýratyn gürrüň edildi. Çykyşlarda çeper döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda aýratyn orun alan nusgawy şahyrymyzyň şygyrlaryny, golýazmalaryny öwrenmekde we olaryň ähmiýetini artdyrmakda Berkarar döwletimizde alnyp barylýar işler dogrusynda hem nygtalyp, kitaphana işgärleri Pyragynyň ençeme asyrlardan bäri halkyň dilinde ýaşap gelýän şygyrlary bilen çykyş edip, maslahatyň täsirliligini artdyrdylar.

      Maslahata gatnaşyjylar kitaphananyň giň eýwanynda «Magtymguly Pyragy söz äleminiň danasydyr» diýen at bilen gurnalan giňişleýin kitap sergisine hem tomaşa etdiler. Sergide Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we döwürdeş ýazyjy şahyrlarymyzyň dana şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaplary, makalalar toplumlary, diwarlyklar ýerleşdirildi. Ýaş suratkeşleriň döreden Magtymguly Pyragynyň portret eserleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Maslahata gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň köpöwüşginli döredijiligini dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

 

Dinara KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Indiki makala

BUÝSANÇLY ÝAŞLAR

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR