BUÝSANÇLY ÝAŞLAR

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykyp, elimize gowuşmagy ulus-ilimizde şatlyk duýgusyny döretdi. Çünki kitapda bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşy dogrusynda giňişleýin söz açylyp, olaryň ýurdumyzyň şanly ösüşlere goşýan goşantlary öz beýanyny tapýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde «Buýsançly ýaşlar» atly temada «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän ajaýyp kitabynyň ýaşlary pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine ygrarly, hakyky watançy we ilhalar nesiller edip, milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söz açyldy. Edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly, pelsepewi pikirleri we parasatly ündewleri özünde jemleýän hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby her birimize işde, durmuşda möhüm gollanmamyza öwrüler. Çykyş edenler bagtyýar türkmen ýaşlarynyň özleri hakyndaky aladalara beýik ýeňişleri bilen jogap berjekdiklerine, mundan beýläk-de Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşjakdyklaryny aýtdylar.

     Bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi ugrunda yzygiderli aladalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

 

Umida Merdanowa,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR