Hormatly Prezidentimiz özüniň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagy biz üçin uly bagtdan nyşandyr. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýlip atlandyrylan täze kitaby tutuş halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iň gymmatly serpaýy hökmünde kabul etdi. Täze eserde Watanymyzyň daýanjyna öwrülen ýaşlaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda alyp baran işleri, gazanan netijeleri we üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda welaýatymyzyň ýaşlary üçin döredilýän mümkinçilikler we olaryň Watanymyzyň ösüşlerini goşýan goşantlaryny agzap geçmegi has begendiren aýratynlyklaryň biri boldy. Şeýlelikde, bu kitap ata Watanymyzda bagtyýar ýaşlaryň adyny, şöhratyny we gazanan üstünliklerini ebedileşdirdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan biz ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere geljekde hem işjeň gatnaşmak bilen, mundan beýläk-de Berkarar Watanymyzyň halkara abraýy belende götermäge mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Bu şanly waka şeýle hem, üstümizdäki ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlap dabaraly maslahat geçirildi. Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen bu maslahata il sylagly ýaşulular, etrabyndaky edara-guramalaryň işgärleri, harby bölümleriniň harby gullukçylary we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. «Bagtyýar döwrümiziň ajaýyp sowgady» diýen at bilen guralan bu aýdym-sazly duşuşygyň dowamynda ildeşlerimiz ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler. Aýdym-sazly duşuşygyň dowamynda Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň bagşylary Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň taýýarlan wagtlaýyn sergisine hem tomaşa etdiler.
Oýdin Aşirowa,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça hünärmeni.