BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Şu günler Diýarymyzyň ähli ýerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň elimize gowuşmagy mynasybetli hoşalyk maslahatlary, tanyşdyrylyş dabaralary, dürli medeni we aýdym-sazly çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu täsirli çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaş nesillerine bagyşlap ýazan kitabynyň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn gollanma we uly ruhubelentlik bilen kabul edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu buýsançly waka mynasybetli ýurdumyzyň Gündogar sebitinde hem şeýle çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Hormatly Prezidentimiziň eseri — ýaşlara nusgalyk ýol-ýörelge» diýen at bilen geçirilen brifing hem şolaryň biridir.

      Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen geçirilen bu çäre welaýatymyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, talyplar we ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda edilen täsirli çykyşlarda täze kitabyň bagtyýar türkmen ýaşlaryna durmuşda gollanma boljakdygy aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalaryndan, ýaşlaryň gazanan üstünliklerinden söz açýan hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky aýdan öwüt-ündewleriniň, nesihatlarynyň türkmeniň her bir ogul-gyzy üçin durmuşyň ähli ugurlarynda görüm-görelde, edep-terbiýe mekdebi boljakdygyny uly buýsanç bilen aýtdylar.

      Brifingiň dowamynda şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi dogrusynda hem aýratyn söhbet edildi. Çykyşlarda ýaşlary watançylyk, belent adamkärçilik, millilik ruhunda terbiýelemekde dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, brifingiň dowamynda beýik söz ussadynyň köpugurly şygryýet dünýäsiniň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde alnyp barylýar we meýilleşdirilýän işler dogrusynda sowal-jogap hem alşyldy. Bagtyýar ýaşlar halkymyza şeýle bagtyýar döwri, nurana günleri peşgeş beren, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Dinara KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR