Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup öňdebaryjy dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwrebap ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamyň kadalaşdyryş hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýet aragatnaşyk hyzmatlary, awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, bank amallary boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga, uzak aralyk işleri ýola goýmaga hem-de özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistan 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriň hem-de welaýatlaryň häkimliklerini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenilendir. «Türkmenistan 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek arkaly olaryň işini kämilleşdirmek boýunça-da toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Elektron neşirler web saýtlar dine bir ýazuw maglumatlaryny däl, eýsem, ses ýazgylaryny, wideoşekillerini hem-de beýleki görnüşlerdäki maglumatlary hem halka ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, döwlet dolandyryşynda, bilim, maliýe we bank, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy babatda gazanylýan ösüşler her birimizi buýsandyrýar.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.