Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi.
Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşik Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde hereket edýän orta mekdeplerden okuwçy oglanlar gatnaşdylar.
Ýylyň ýylyna geçirilýän bu bäsleşik Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpe nesillerimize ýüzlenip: «Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp geçirildi.
Dabaraly geçen bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakdan, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybarat. Şeýle hem bu bäsleşik kiçi ýaşly okuwçy oglanlaryň merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, kesp, kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar.
«Merdana nesil – 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyryna gatnaşyjy kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy oglanlar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertinde okuwçy oglanlar 3 minut wagtyň dowamynda ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň şertlerine uly yhlasly we ruhubelent gatnaşan çagalar dabaranyň şowhunyny artdyrdylar. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjy merdana nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.