Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrap medeniýet öýünde “Merdana nesil – 2023” atly bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil – 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna mekdep tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.
Oglanlar onuň şertlerine görä, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlary çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Söhbet Çarwaýew 1-nji, 17-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Saparmyrat Durdymyradow 2-nji, 41-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Atageldi Ataýew 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikdäki Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.