Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk gününi hem-de baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle-de, ýaşlaryň arasynda medeni çäreleri guramak, döredijiligiň şekillendiriş sungaty görnüşi boýunça täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, «Bitaraplygyň waspy – ýaşlaryň kalbynda» atly surat çekmek bäsleşigini geçirdi. Welaýatyň Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebinde nakgaş hünäri boýunça tälim alýan ýaş suratkeşleriň çeken suratlaryna baha beren eminler toparynyň agzalary her bir ýaş suratkeşiň çeken suratynyň çeperçiligine, reňkleri saýlaýşyna bellikler edip, halypa maslahatlaryny berdiler hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, etrabyň 44-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Selbi Nurýagdyýewa 1-nji, etrabyň 1-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Bägül Baýramdurdyýewa 2-nji, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Kakamyrat Arazow 3-nji orna mynasyp boldular we olar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan okuwçylara onuň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.