TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI ÇÄRE

     Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklamagynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Meýilnamalaýyn alnyp barylýan bu işler Arkadag şäherinde hem giň gerime eýe boldy.

     Düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde bilelikde tassyklaşylan bu meýilnama boýunça ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen  bu orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Terbiýeçilik ähmiýetli geçirilen çärede täsirli çykyşlar ýerine ýetirildi. Çykyşlarda Täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhuna besläp geçirmek maksady bilen öňümizde durýan wezipeler dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda uly toý-dabara beslenilýän her bir şanly senäni ýokary derejede geçirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY