«ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI»

      Şeýle şygar bilen düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli hem-de dekabr aýynyň 27-sine geçiriljek Ýaşlaryň dabaraly maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik taýýarlanyldy. Oňa Arkadag şäheriniň häkimliginiň, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri gatnaşdylar.

      «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu söhbetdeşligiň barşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda giň gerimde durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty we ondan gelip çykýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler, buýsançly söhbetler edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY