ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ DILLERINIŇ SENASY

          Düýn Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

          «Beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda öňde goýýan belent wezipelerinden we ýaşlara bildirilýän uly ynamdan ugur alyp geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütlere daýanylyp gurlan Arkadag şäheriniň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini, kämil arhitektura we gurluş aýratynlyklaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmekden, şeýle-de zehinli türkmen ýaşlarynyň täze şäheriň gurluşyk taslamasyna goşan goşantlaryny wagyz etmekden ybaratdyr.

          Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň edebi we çeper-publisistika ugurlary boýunça eserleri hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler boýunça täsirli oçerklerdir söhbetdeşlikleri hödürlenildi.

          Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY