Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de «Arkadagşähergaz» gaz hojalyk müdirliginiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guralan bu baýramçylyk maslahaty Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa bu ugurda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde alnyp barylýan işler, nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ugurlarda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler üçin Milli Liderimize we hormatly Döwlet Baştutanymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Maslahatyň ahyrynda hünär baýramy mynasybetli nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerinden öňdebaryjy ýaşlara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.