Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara beslenýär. Bu günki günde eziz Diýarymyzda Halkara Bitaraplyk güni uly dabara bilen bellenilýär. Bu sene Watanmyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki Bitarap döwletimizde alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde uly goldawa eýe boldy. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda oňyn özgertmelere gönükdirilen ylmy maslahatlar, medeni baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň we Bereket etrap Medeniýet bölüminiň gurnamagynda geçirildi. Bu ýerde “Bitaraplyk- baky berkararlygyň binýady” atly haly sergisi geçirildi. Etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar we umumybilim berýän mekdeplerde okaýan okuwçy gyzlar türkmen zenanlarynyň çeper eli bilen dokan nepis halylaryň gözelligine syn etdiler. Serginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny abadan, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, saýlap alan kärlerinde buýsanç bilen zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdyp, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.