Batly ösüşlerden, ýeňişli menzillerden doly günleri toý-baýramlara beslenýän eziz Watanymyzda her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni uly dabara bilen bellenilýär.Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere gönükdirilen baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde taýýarlamagynda Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazga geçirildi.
Gepleşige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň ösüşi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýdyp, olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.