Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde okgunly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin döwrebap şertleri döredýär. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň gülläp ösýän hem-de jemgyýetimiziň ruhy taýdan galkynýan ajaýyp zamanasydyr. Şeýle ajaýyp döwrüň ýaşlary bolmak bagtynyň miýesser edendigine çäksiz buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga, ýaşlarymyzyň Bitaraplygymyza bolan buýsanjyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bagtyýar ýaşlarymyzyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmäge, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de “Açyk gapylar” syýasaty bolup, ol ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda okamaga, geçirilýän halkara bäsleşiklerde, olimpiýadalarda çykyş etmeklerine giň mümkinçilik döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan meýilnama taýýarlanyp, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda Bitaraplyk syýasatymyzy wagyz edýän dürli derejeli köpçülikleýin medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle ajaýyp çäreleriň biri hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan “Türkmennebit” DK-niň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirildi.
Şanly toýuň bosagasynda ýaşlaryň baýramçylyk joşgunynda guralan duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryna bolan buýsanç we hoşallyk alamatlary aýdyň duýulýar. Aýdym-saza utgaşan duşuşygyň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli şertler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna iň ýagşy arzuwlar beýan edildi. Biz hem ak arzuwlara, arzyly dileglere goşulyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.
Gowşakow ŞADURDY,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.