NEBITGAZ BAÝLYGYM, HAZYNA-GENJIM, WASPYŇ ETSIN DILLER, SAŇA BUÝSANJYM!

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji döwlet hökmünde tanalýar. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan ýurdumyzyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini halkymyzyň, hem-de bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda ýurdumyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

       Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulan. Türkmen nebitçileri bu gün adaty nebit guýulary bilen bir hatarda, has çuň guýulary burawlamak arkaly “Gara altynyň” has çuň gatlaklarda ýerleşýän gorlaryny almagyň hötdesinden gelýärler. Çekilýän zähmetiň hormatyna bolsa ýurdumyzda her ýylyň dekabr aýynyň 14-ine “Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni” giňden bellenip geçilýär.

       Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasy, nebitçileriň hünär baýramy mynasybetli Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda “Nebit-gaz baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaraly çärä nebitgaz pudagynda zähmet çekýän ýaşlar hem-de talyplar gatnaşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň nebitgaz pudagynda uly möçberli işleriň alnyp barylýandygy, bu ugurda geljegi nazarlaýan maksatnamalar, meýilleşdirilýän täze taslamalar barada giňişleýin söhbet edildi.

       Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk beýik işleriniň, eziz Diýarymyzyň ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň, waspy ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň il-halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş sözleri çäräniň dowamyndaky ähli çykyşlaryň özenini düzdi. Toý saçagynyň başynda geçirilen dabarada göreldeli ýaşlara baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

       Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Orazgül AMANDURDYÝEWA,

TMÝG-niň “Türkmennebit” döwlet

konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR