Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek, terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ýaşlaryň nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýaşlaryň düzgün bozmalardan daşda durmaklary, olara garşy göreşmek, zyýan beriji partlaýjy maddalardan gaça durup, Täze ýyl baýramçylygyny agzybirlikde garşy almak dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülruh NAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.