HOŞ GELIPSIŇ GÜL DIÝARA TÄZE ÝYL

        Ýurdumyzda şowhunly garaşylýan baýramçylyklaryň biri bolan Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Muny alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, biziň Gyzylarbat etrabymyzda hem Baş arçamyzyň yşyklandyryş dabarasy uludan bellenildi. Baş arça etrabyň merkezinde ýerleşip, dürli öwüşginde nur saçýan şarlardyr çyrajyklardan, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa bürenip Täze ýyly buşlaýar. Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäre uly şowhun bilen başlandy. Bu dabara akja lybasly okuwçylar we her bir işimizde ýol görkeziji bolup çykyş edýän ýaşuly ata-enelerimiz gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Aýazbaba ýerine ýetirilýän çykyşlary ünsli synlap, çagalara uly baha berdi. Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Onuň yzysüre Aýazbaba bilen agtyjagy Garpamyk üýşüp akja lybasa bürenen çagajyklar bilen aýdymlar aýdyp, el tutuşyp arçaň daşyndan aýlandylar. Dabaranyň soňunda bolsa, Aýazbaba we Garpamyk körpejikleriň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölümine degişli çäreleri,

çykyşlary, makalalary we sanly ulgam

boýunça internet saýtlaryny işläp

taýýarlamak bilen baglanşykly işlerini

ýerine ýetiriji.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR